Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Russiýanyň üsti bilen 320 müň tonna nebit eksport etdi

  • 03.03.2021 17:28
  • 10k+

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Russiýa Federasiýasynyň nebit geçiriji ulgamlarynyň üsti bilen 320,46 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Interfaks agentligi Ýangyç-energetika toplumynyň merkezi dolandyryş edarasyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan RF-iň çäginden eksport etmek boýunça Gazagystandan (2,14 mln tonna nebit) soň ikinji ýerde durýar.
Bellenilişi ýaly, Russiýanyň özüniň uzakdaky ýurtlara eksporty düýpli azaldyldy. Netijede, RF 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda uzakdaky ýurtlara 32,83 mln tonna nebit eksport etdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 21,6% azdyr. Şol bir wagtda rus nebit kompaniýalary geçen döwürde ýakyn aralykdaky daşary ýurtlara nebit ibermelerini 232,7% çenli —2,36 mln tonna çenli  artdyrdy.

12.12.2025 16:33
4.7k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.2k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.4k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...