Çingiz hanyň ýogalmagyna gadymy gyrgyn keseliniň sebäp bolan bolmagy mümkin

  • 01.03.2021 22:19
  • 26k+

Mongol imperiýasynyň ilkinji beýik hany Çingiz hanyň gadymy keselden aradan çykan bolmagy mümkin. Bu nazaryýeti awstraliýaly we italiýaly alymlaryň bilelikdäki topary öňe sürdi. Barlagyň teksti ýaňy-ýakynda "International Journal of Infectious Diseases" žurnalynda çap edildi diýip, sm.news habar berdi.

Barlagçylar maglumat almak üçin Hytaýyň Ming neberesiniň döwründe döredilen "Ýuanyň taryhy" atly taryhy tekste ýüz tutdular. Tekstde Çingiz hanyň 1227-nji ýylyň 18-25-nji awgustynda özüni gaty erbet duýandygy aýdylýar. Onuň temperaturasy ep-esli ýokarlanypdyr we bir hepde bäri peselmeýän gyzzyrma döräpdir. Şondan sekiz gün soň beýik han aradan çykypdyr.
Alymlar ozal Çingiz hanyň aradan çykmagynyň sebäbiniň garyn garahassalygynyň bolup biljekdigi baradaky dürli teoriýalary öňe sürýärdiler. Şeýle-de bolsa, awstraliýaly we italiýaly barlagçylaryň anyklaýşy ýaly, Mongol imperiýasynyň beýik esaslandyryjysynyň ölüminiň hakyky sebäbi taryhy üýtgeden kesel - gyrgyn bolup biler.
Çingiz han şol döwür üçin gaty uzak ýaşap, 65 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuň jaýlanan ýerini arheologlar şu wagta çenli tapyp bilmediler.

27.06.2026 20:17
7.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
13k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.9k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......