Bil Geýts “Android” smartfonlaryny has gow­y görýändigini aýtdy

  • 01.03.2021 16:14
  • 7.9k+

"Microsoft"-yň esasla­ndyryjysy Bill Geýts ­“Android” smartfonlar­yny has gowy görýändi­gini aýtdy. Bu barada­ ol "Clubhouse"-da bo­lan söhbetdeşlikde mä­lim etdi diýip, ferra­.ru habar berdi.

Söhbetdeşlige gatnaşy­jylar Geýtsden iPhon ­smartfonlary hakda nä­me pikir edýändigini ­soradylar. Geýts bu s­oraga jogap hökmünde ­“Android” operasion u­lgamly smartfonlary h­as gowy görýändigini ­aýtdy. Onuň sözlerine­ görä, şeýle enjamlar­ programma üpjünçilig­i we operasiýa ulgamlarynyň özara täsiri t­aýdan has çeýe. Şonuň­ üçin hem käbir Andro­id smartfonlarynda öň­ünden gurlan Microsof­t programma üpjünçili­gi ulanyjylar üçin ör­än amatly bolup durýa­r.

Şeýle hem, söhbetdeşl­igiň barşynda Geýts B­itcoin-i gaty bir hal­ap barmaýandygyny aýt­dy. Sebäbi kripto wal­ýutany gazanmak köp hasaplaýyş güýjü­ni talap edýär, diýme­k, köp elektrik energi­ýasynyň sarp bolmagyn­a getirýär. Bu bolsa ­daşky gurşaw üçin gow­y däl. Şeýle hem Geýts söhbetdeşlikde Bitc­oin-e maýa goýmaýandy­gyny aýtdy.

şu gün 13:21
83

«Forsažyň» ýyldyzy Win Dizel robot-boksçylar baradaky filmiň ssenarisini ýazar we oňa gatnaşar

«Forsaž» franşizasy boýunça belli bolan aktýor Win Dizel Mattel kompaniýasynyň boksçy robotlar baradaky taslamasynyň ssenariçisi we prodýuseri bolup çykyş eder, şol bir wagtyň özünde-de baş keşbi ýerine ýetirer...

şu gün 13:19
141

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär...

şu gün 12:00
507

ILPOTY 2025: Emin agzalary halkara peýzaž fotosurat bäsleşiginiň ýeňijilerini saýladylar

"Ýylyň halkara peýzaž suratçysy" (International Landscape Photographer of the Year, ILPOTY) halkara bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalary dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylaryň iberen 3600 suratynyň arasyndan iň gowularyny saýladylar...

şu gün 11:33
667

Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi. Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar...