Peugeot kompaniýasy logotipini täzeledi

  • 28.02.2021 08:23
  • 6.2k+

Fransiýanyň Peugeot konserni ýakynda 210 ýyllygyny belledi we bu wakanyň şanyna logotipiniň dizaýnyny döwrebaplaşdyrmak kararyna geldi. Iň soňky tendensiýalara eýerip, bu brendiň hem emblemasy tekiz boldy diýip, njcar.ru belleýär.

Täze emblemaly ilkinji awtomobil 18-nji martda premýerasy geçiriljek indiki nesliň Peugeot 308 hetçbegi bolar. Bu awtomobil birnäçe gezek ýol synaglarynda göründi, ýöne onuň emblemasy hemişe gizlin saklanypdy.
Belläp geçsek, 1850-nji ýyldan bäri kompaniýa logotipini 10 gezek üýtgetdi, onda diňe ýolbars üýtgemän galýardy. Häzir hem konsern bu däbinden daşlaşmady. Gerb görnüşinde ýerine ýetirilen nyşanda “haýwanlaryň şasynyň” kellesi we markanyň ady bilen ýazgy aýdyň görünýär. Nyşanyň fony gara, “suratyň” özi bolsa kümüşsöw reňkde.
Logotipiň täze görnüşini taýýarlamak bilen halkara Peugeot Design Lab studiýasynyň hünärmenleri meşgullandy. Olar bu emblemanyň markanyň indiki derejä geçmeginiň şöhlelenmesidigini belleýärler.
Dizaýn kompaniýanyň esasy gymmatlygyny – wagta tabyn bolmadyk stili özünde jemleýär, şol bir wagtyň özünde bu stil köptaraply bolmak bilen, medeni köpdürlüligi şöhlelendirýär. Kompaniýada bellenilişi ýaly, täze logotip “tutuş dünýä fransuz stilini, tehnologiýasyny we nepisligini açyp görkezmeli”.

düýn 11:36
2.7k+

Hytaýyň o diýen meşhur bolmadyk brendi Las-Wegasda 1900 at güýjüne eýe bolan giperkaryny görkezer

Hytaýyň az tanalýan Kosmera markasy ýanwar aýynda Las-Wegasda geçiriljek CES sergisinde iki sany elektrik awtoulagynyň prototipini tanyşdyrar. Olaryň arasynda 1900 at güýjündäki giperkar aýratyn gyzyklanma döredýär...

düýn 11:17
2.8k+

Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi

Lexus kompaniýasy RZ elektrik krossowerleriniň hataryny täze flagman model — 600e F Sport Performance bilen giňeltdi. Bu awtoulag öz maşgalasynda iň kuwwatly güýç beriji gurluş bilen üpjün edilip, bary-ýogy 4,4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär...

28.12.2025 23:51
2.6k+

Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär

Mercedes-Benz kompaniýasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy boýunça derňewi tamamlamak üçin ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen 149,6 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy...

28.12.2025 23:47
2.5k+

Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady

Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler. Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar...