Adamyň keseli onuň doglan aýy bilen baglanyşykly bolup biler

  • 28.02.2021 16:02
  • 25k+

Ispan alymlary adamyň doglan aýy bilen keselleriniň arasynda baglanyşygyň bardygyny anykladylar. Maglumatlara görä, doglan aýy adamyň käbir saglyk meselelerine bolan dahyllylygyny görkezip biler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Muny bilmek üçin alymlar saglygy bilen bagly meseleleri bolan 30 müňe golaý meýletinçini topladylar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa haýsy aýda doglanlaryň haýsy keseller bilen has köp kesellegiç bolýandygy öwrenildi.
Aýdylmagyna görä, oktýabr aýynda doglan adamlaryň köplenç holesterininiň ýokarydygyna gözegçilik edildi. Şol bir wagtyň özünde, güýzde doglan çagalarda demgysma keseli has köp duş gelýär. Tomus we güýz aýlarynda doglanlarda köplenç galkan şekilli mäziň keseli bolýar diýip, çeşme belleýär.

03.07.2025 14:22
1.9k+

BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr...

02.07.2025 11:43
6k+

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär...

01.07.2025 18:01
5.4k+

Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär

Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär...

28.06.2025 13:15
8.1k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy...