“Sony” rekord derejede uly kamera modulyny çykarar

  • 28.02.2021 11:47
  • 18k+

Internet ulgamynda ýakyn wagtda Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasynyň smartfonlar üçin täze kamera modulyny görkezjekdigi barada maglumatlar peýda boldy. Täze kamera modulynyň tapawutly aýratynlygy onuň rekord derejede uly boljak sensorynyň ölçegi bolar diýip, 06news.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, RODENT950 meşhur internet insaýderiniň bellemegine görä, modula IMX800 diýlip at berler we onuň ululygy 1 dýuým (2,54 sm) diýip, Gizmochina ýazýar. Şol bir wagtyň özünde, onuň 2021-nji ýylyň aprelinde tanyşdyrylmagyna garaşylýar we onuň bilen enjamlaşdyrylan ilkinji smartfon Huawei P50 bolmaly.
Gynansagam, “Sony”-niň täze önümi barada entek şu aýdylanlardan başga kän bir maglumat ýok. Mysal üçin, IMX800-iň nämä ukyply boljakdygy, aýratynlygy belli däl. Ýöne onuň ululygynyň özi, iň bolmanda gijeki režimde oňa taý tapylmajakdygyndan habar berýär.

 

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......