Agyr atletika Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyndan aýrylyp bilner

  • 27.02.2021 17:24
  • 13k+

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah Agyr atletika halkara federasiýasynyň (IWF) işini nobatdaky gezek tankytlady we bu sport görnüşiniň Olimpiadanyň maksatnamasyndan aýrylyp bilinjekdigini aýtdy diýip, sovsport.ru habar berýär.

Bu ýagdaý eger IWF Halkara Olimpiýa Komitetiniň dopinga garşy göreş boýunça talaplaryny äsgermezlik etse bolup biler.

“Eger bu meseleler öz wagtynda kanagatlanarly çözülmese, HOK-nyň ýerine ýetiriji komiteti 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň we geljekki ähli Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda agyr atletikanyň bolmagyny täzeden gözden geçirmeli bolar” – diýip, Bah HOK-nyň metbugat maslahatynda aýtdy.

Ýatlap geçsek, HOK eýýäm agyr atletika ýaryşynyň maksatnamasyny gysgaltdy. Tokiodaky oýunlara 196 ştangaçy gatnaşýan bolsa, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiada 120 ştangaçy gatnaşar.

düýn 18:26
2.2k+

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

düýn 11:50
4.8k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

düýn 11:46
4.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

30.04.2026 16:03
3.5k+

EA täze UFC simulýatoryny yglan etdi — oýun 19-njy iýunda çykar

Electronic Arts kompaniýasy garyşyk söweş sungaty boýunça täze EA Sports UFC 6 simulýatoryny resmi taýdan yglan etdi. Oýun 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda PlayStation 5 we Xbox Series pristawkalarynda çykar,......