Çehiýada ýurduň raýatlary iki örtük dakynmaga borçly edildi

  • 27.02.2021 16:57
  • 12k+

Çehiýanyň häkimiýetleriniň çykaran täze kararyna laýyklykda, respublikanyň ýaşaýjylary 25-nji fewraldan başlap, adamlaryň üýşen ýerlerinde ýüzlerine iki sany agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Bu barada rbc.ru habar berdi.

Ýurduň saglygy goraýyş ministri Ýan Blatnynyň pikiriçe, bu çäre raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen girizilýär. Şol bir wagtyň özünde, iki örtügiň ýerine çykyş klapany bolmadyk FFP2 ýa-da KN95 gorag derejeli respirator dakynmak hem bolar. Şol bir wagtyň özünde, goramak üçin howany süzüjiliginiň netijeliligi azyndan 95% bolan beýleki serişdelere hem rugsat berler.
Täze talabyň dükanlarda, hassahanalarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we duralgalarda ýola goýuljakdygy habar berildi. Köçede ýeke örtük dakynmak hem ýeterlikdir. Şol bir wagtda, örtükleriň şarf, ýaglyk ýa-da öýde ýasalan maskalar bilen çalşylmagyna ýol berilmeýär.

düýn 23:14
2.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....