Samsung 15 ýyl bäri dünýäniň telewizor bazarynda liderligini saklaýar

  • 26.02.2021 19:38
  • 8.3k+

Koreýanyň Samsung kompaniýasy dünýäniň telewizor bazarynda ýene-de öňdebaryjy orny eýeledi. Tehnologiýa ägirdiniň eýýäm bassyr 15 ýyl bäri birinji orny eýeleýändigini bellemek gerek diýip, mymsk.online habar berýär.

Omdia analitik kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýylyň soňky çärýeginde günorta koreý kompaniýasynyň paýyna telewizor satmakdan alnan umumy girdejiniň, takmynan, 31,8 göterimi degişli boldy. Eger tutuş ýyly alsaň, kompaniýanyň paýy 31,9 göterime deň. 
Bellenilişi ýaly, enjamlaryna iň täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy kompaniýanyň öňdebaryjy ornuny saklamagyna kömek edýär. 2021-nji ýylda Samsung dünýä bazarynda ýene-de birinji orny eýelemegi maksat edinýär.

“Adamlar her gün telewizorlary güýmenje, ýakynlary bilen gatnaşyk, iş, okuw, şeýle-de köp meseleler üçin ulanýarlar. Şunuň netijesinde biz dürli durmuş ýörelgelerini kesgitläp, ulanyjylarymyzyň endikleriniň nähili üýtgeýändigini görüp bildik. Dünýädäki ulanyjylarymyza önümlerimize we tehnologiýalarymyza bolan ynamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu häzirki sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin bize innowasiýalary gözlemäge, iň gowy enjamlarymyzy taýýarlamaga itergi berýän zatdyr” – diýip, Samsung Electronics-iň displeýler bölüminiň prezidenti Çon Hi Han belleýär.

düýn 23:22
324

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......