ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli, Niagara şaglawugy doňdy

ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli, Niagara şaglawugy doňdy

Adatdan daşary sowuk howa Demirgazyk Amerika täsirini ýetirdi. Birleşen Ştatlaryň çäginiň 70%-den gowragy gar bilen örtüldi. Niagara şaglawugy hem bölekleýin doňdy. Sosial ulgamlary ulanyjylar adaty bolmadyk görnüşiň suratlaryny paýlaşýarlar diýip, avtoradio.ru habar berýär. 

Bu ýagdaýy görmäge goňşy ştatlardan we Kanadadan müňlerçe syýahatçy gelýär. Myhmanlary, aýratynam, suw akymynyň üstünde asmandaky uly älemgoşar haýran galdyrdy. Häzir sebitde temperatura minus 10 gradusa çenli peseldi.
Aslynda, suw akymy buzluga öwrülmedi – bu illýuziýa. Howanyň temperaturasy noldan pese düşende, şaglawugyň töweregindäki duman we suw tozany, hakykatdanam, doňup, buz gabygyny emele getirýär. Ýöne onuň aşagynda suw akmagyny dowam etdirýär.
Soňky gezek Niagara şaglawugynyň doňan ýagdaýyny 2019-njy ýylyň gyşynda görmek mümkin boldy. Şeýle-de, şaglawuk 2018-nji ýylda hem bölekleýin doňdy. Şaglawuk birnäçe ýyldan bir gezek bölekleýin doňýar. Suw akymy soňky 170 ýylyň içinde diňe üç gezek doly togtady.