Beýik Britaniýa maý aýynda syýahatçylar üçin serhetlerini açar

  • 25.02.2021 19:19
  • 10k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti koronawirusa garşy çäklendirmeleri gowşatmagyň meýilnamasyny taýýarlady. Syýahatçylyk 2021-nji ýylyň 17-nji maýyndan dikeldilip bilner diýip, newinform.com habar berýär.

Meýilnama 8-nji martdan iş ýüzüne geçirilip başlanjak dört tapgyry öz içine alýar. Soňky tapgyrda britan hökümeti sosial gatnaşyklar üçin ähli çäklendirmeleri ýatyrar. 
Kafelere we restoranlara ýapyk binalarda adamlara hyzmat etmäge, myhmanhanalara hem myhmanlary kabul etmäge rugsat berler. Kinoteatrlar, oýun merkezleri, muzeýler açylar we janköýerler stadionlara dolanyp biler. 21-nji iýundan başlap, ýurtda geçen ýylyň ýazynda togtadylan gijeki klublar açylar. Şeýle-de, köpçülikleýin çäreleri, ýagny festiwallary we konsertleri hem geçirmek mümkin bolar.
Maý aýynyň ikinji ýarymynda beýleki ýurtlar bilen awiagatnawlar hem dikeldilmeli. Beýik Britaniýanyň hökümeti syýahatçylygy dikeltmek boýunça gutarnykly karary 12-nji aprelde kabul eder. Gutarnykly karar epidemiologik ýagdaýa bagly bolar.

düýn 16:31
3.6k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......