«Terminator-7-de» Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler

  • 25.02.2021 19:12
  • 12k+

«Terminator» baradaky täze filmde meşhur aktýor Arnold Şwarsenegger zalymyň roluny ýerine ýetirip biler, diýip evo-rus.com habar berýär.

Arnold Şwarsenegger «Terminator» franşizasynyň ähli filmlerinde diýen ýaly gowulygyň tarapynda göreşdi, ýöne ssenariýa boýunça bu hemişe beýle bolmandy. Ilkibaşda Terminator adamzadyň ykbalyna täsir etmek üçin geçmişe iberilen rehimsiz ganhordy.
Golliwud insaýderiniň maglumatlaryna görä, režissýor Jeýms Kemeronyň täze filminde Terminator üçin ýene-de zalym keşp taýýarlandy. Şeýle-de, täze bölüminde film “horror” žanryna geçip biler. Ýöne bu maglumat heniz resmi taýdan tassyklanmady.
Hünärmen şeýle üýtgeşmeleriň sebäbi franşizanyň soňky filmleriniň premýerasynyň şowsuzlygy bolup biler diýip çaklaýar. 2019-njy ýylda çykan “Terminator: Garaňky ykballar” kartinasy tomaşaçylary özüne çekip bilmedi, muny tankytçylaryň synlary we filmiň “Kinopoiskdäki” bary-ýogy 5,8 bal bahasy subut edýär. Ýeri gelende bellesek, “Terminator 2: Kyýamat güni” 8,4 bal gazanypdy.
“Terminator” franşizasy alty filmi öz içine alýar. Terminatora bagyşlanan ilkinji kartina 1984-nji ýylda uly ekranlara çykdy. Bu lentada, şeýle-de “Terminator 2: Kyýamat güni” (1991-nji ýyl) we “Terminator 3: Maşynlaryň gozgalaňy” (2003-nji ýyl) filmlerinde esasy roly Arnold Şwarsenegger ýerine ýetirdi. 2009-njy ýylda Kristian Beýl bilen “Halasgär gelsin” atly franşizanyň dördünji bölümi çykdy. Golliwudly aktýor bäşinji we altynjy bölümlerde ýene-de taryha gaýdyp geldi.

düýn 20:27
2.5k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.9k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....