Baýden koronawirusyň pidalarynyň hatyrasyna bäş günlük matam yglan etdi

  • 23.02.2021 22:38
  • 15k+

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden koronawirusdan ýogalan 500 müň amerikalynyň hatyrasyna bäş günlük matam yglan etdi. ABŞ-nyň baýdaklary bäş günüň dowamynda aşak goýberilgi bolar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

“Bu gün biz, hakykatdan hem, agyr pursaty başdan geçirýäris. Pandemiýanyň bir ýylynda Birinji jahan urşy, Ikinji jahan urşy we Wýetnam urşy bilen deňeşdirilende, has köp amerikaly ýogaldy” – diýip, Baýden çykyşynda aýtdy.

Ol ABŞ-da bu ýagdaýyň dowam etmegine ýol bermeli däldigini belledi. Prezident raýatlary sosial araçägi saklamaga, örtük dakynmaga, nobat gelende bolsa, sanjym almaga çagyrdy.
Mundan öň, Jo Baýden ABŞ-da koronawirusa garşy sanjym derejesiniň bir günde 1,7 mln adama ýetendigini, şonuň üçin 100 günüň dowamynda 100 mln adama sanjym etmek wadasynyň ýerine ýetiriljekdigini aýtdy. ABŞ-da ilata sanjym etmek üçin iki derman serişdesi – Pfizer we Moderna ulanylýar.

25.06.2026 12:37
7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....