R.Meredow türkiýeli kärdeşi bilen duşuşdy

R.Meredow türkiýeli kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkiýe Respublikasyna gulluk iş saparynyň barşynda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu bilen duşuşdy. Bu barada «Atawatan-Türkmenistan» neşiri türk habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Duşuşyk Türkiýäniň DIM-niň binasynda geçirildi. Türkmen wekiliýeti şu gün şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti şeýle hem «Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan» üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar.