Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşany tanyşdyryldy

  • 22.02.2021 16:14
  • 12k+

2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşany tanyşdyryldy. Ol «7/24.tm» elektron neşirinde çap edildi.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň şekilinde türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak hem-de alaja milli nagyşlaryndan ugur alnyp, olaryň döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşi öz beýanyny tapypdyr.
Ýatlatsak, çempionat şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

şu gün 11:59
370

ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer  

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy...

şu gün 11:48
309

Üç ýaşly hindistanly oglanjyk FIDE-niň reýtinginde iň ýaş küştçi boldy

Hindistandan Sarwagýa Singh Kuşwaha üç ýaşynda öz adyny küşt dünýäsiniň taryhyna ýazmagy başardy. Bu ýaş wunderkind Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi reýtingine giren dünýäde iň ýaş oýunçy boldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

şu gün 11:45
615

Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider

“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar...

şu gün 11:25
815

“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy

“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy...