Huawei 2021-nji ýylda smartfon üpjünçiliginiň 60%-den gowrak azaljakdygyny tassyklady

  • 21.02.2021 15:40
  • 8.2k+

Huawei kompaniýasynyň bazardaky ýagdaýynyň ýaramazdygyny ilkinji gezek özi tassyklady we üpjünçiligiň azaljakdygyny habar berdi diýip, popmech.ru belleýär.

Ýagny, Huawei üpjün edijilerine we hyzmatdaşlaryna kompaniýanyň şu ýyl 70-80 mln smartfon öndürjekdigini habar berdi, bu 2020-nji ýylda bazara iberilen 189 mln smartfondan ep-esli az bolup, kompaniýanyň üpjünçiliginiň 60%-den gowrak azaljakdygyny aňladýar.
Bu ýagdaýda gürrüň diňe 4G-toruna birikdirilen gurluşlar barada gidýär. Kompaniýanyň henizem 5G ulgamyny göterýän modelleri çykarmak üçin komponentleri import eder ýaly ABŞ hökümetinden rugsady ýok.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri Huawei ABŞ-nyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny gadagan edýän sanksiýalaryň astynda ýerleşýär. Geçen ýyl Trampyň administrasiýasy bu sanksiýalary güýçlendirdi, bu hem TSMC-niň Huawei üçin Kirin prosessorlaryny öndürip bilmezligine getirdi, sebäbi TSMC-niň önümçiliginde amerikan tehnologiýalary ulanylýar. 
Bu Huawei-ni smartfonlar bazarynda saklamak hem-de amerikan sanksiýalaryndan azat etmek üçin Honor brendini satmaga mejbur etdi. Netijede, öňki Huawei brendi AMD, Intel, MediaTek, Microsoft, Qualcomm we Samsung ýaly esasy üpjün edijiler bilen gatnaşygyny gaýtadan dikeltdi.

düýn 08:33
2.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

20.06.2026 09:49
2.3k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....