Kilian Mbappe Çempionlar ligasynda hepdäniň iň gowy oýunçysy boldy

  • 20.02.2021 17:57
  • 5.8k+

19-njy fewralda UEFA-nyň metbugat gullugy Çempionlar ligasynda hepdäniň iň gowy oýunçysyny saýlamak boýunça ses berişligiň netijelerini neşir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Şeýlelikde, hepdäniň iň gowy oýunçysy 1/8 finalyň “Barselona” bilen birinji oýnunda üç pökgini derwezä girizip, fransuzlara uly ýeňiş gazanmaga (4-1) kömek eden “PSŽ-niň” oýunçysy Kilian Mbappe boldy. 
22 ýaşly hüjümçi Dortmundyň “Borussiýasynyň” hüjümçisi Erling Holanddan, “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salahdan we “Portunyň” ýarym goragçysy Seržiu Oliweýradan öňe geçdi.
Ýatlap geçsek, Holand Ispaniýanyň “Sewilýasy” bilen myhman duşuşygynda iki gol geçirdi (3-2), Salah “Leýpsig” bilen oýunda bir gol geçirdi (2-0), Oliweýra bolsa 54% takyk geçirim edip, Turiniň “Ýuwentusyny” (2-1) ýeňmäge kömek etdi.

düýn 19:30
1.8k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
3.9k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 15:38
1.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

düýn 10:38
2.5k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....