BioSerenity kompaniýasy COVID-19-y ýok edýän gorag örtügini döretdi

  • 19.02.2021 16:47
  • 14k+

BioSerenity fransuz kompaniýasy koronawirusyň täze görnüşini ýok etmäge ukyply gorag örtügini döredendigini mälim etdi. Bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanyp, gazeta.ru habar berdi.

Kompaniýanyň bu önümi dört gatdan ybarat. Olaryň biriniň iki molekulaly bakterisid we wirusa garşy göreşijilik häsiýeti bar. Bu gorag guraly howa-damja ýoly arkaly geçýän wiruslaryň öňüni almaga we olary öldürmäge ukyplydyr.
Kompaniýanyň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, örtük ​​öz-özüni hem zyýansyzlandyryp bilýär, netijede ol daşky gurşawa düşäýende hem howply bolmaz.
Şeýle örtük ​​Lilliň Uniwersitet hassahanasynyň, Milli saglyk we lukmançylyk barlaglary institutynyň we Milli ylmy gözleg merkeziniň hünärmenleri tarapyndan hem işlenip taýýarlanyldy.

şu gün 06:24
3.2k+

Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar

Häzirki wagtda Arap çöli adamlaryň ýaşamagy üçin diýseň ýowuz şertli ýerleriň biri hasaplanýar, ýöne ol hemişe beýle bolmandyr. Halkara arheologlar topary taryhdan öňki ýazgylarda Arap ýarym adasynyň "boş ýeri" hasaplanýan demirgazyk-gündogar içki böleginde gadymy adamlaryň ýaşandygynyň ygtybarly subutnamalaryny tapdylar...

düýn 23:45
2.6k+

Täze barlag tohum itleriniň üçden iki böleginiň gadymy möjek genlerini göterýändigini görkezdi

Amerikaly alymlar tarapyndan geçirilen täze barlag itleriň häzirki zaman tohumlarynyň gadymy möjek genleriniň az, ýöne ähmiýetli mukdaryny saklap galandygyny görkezýär. Miras galan DNK bölekleriniň itleriň fiziki aýratynlyklaryna we özüni alyp barşyna, şol sanda bedeniniň ululygyna, ys alşyna we häsiýet aýratynlyklaryna täsir edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar...

düýn 12:29
3.4k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Emeli aňyň milli tehnologiýalary – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi...

04.12.2025 23:54
1.4k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi...