«Lukoýl» kompaniýasy Hazardaky «Dostluk» ýatagyny özleşdirmäge gatnaşar

  • 18.02.2021 23:58
  • 11k+

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Russiýanyň “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegine we beýleki nebitgaz ulgamyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazarda energetika ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm waka boldy. Mundan başga-da, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzakmöhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.
Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

düýn 12:32
4.9k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.8k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......