Türkmenistan we Gazagystan hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler

  • 18.02.2021 23:39
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, şu gün Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow, gazak wekiliýetine – Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri – M.B.Tleuberdi ýolbaşçylyk etdiler.
Diplomatlar bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilige eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredip geçdiler. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ähmiýeti bellenildi. Çünki onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi maksady bilen anyk taslamalar durmuşa geçirilýär.
Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Konsullyk geňeşmeleriniň öz wagtynda geçirilmegi bilen birlikde, ikitaraplaýyn özara hereketleriň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.

şu gün 11:16
2k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...

şu gün 10:44
530

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi...

şu gün 10:32
3.9k+

Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan indiki hepde Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Garaşylýan sapar barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Stambulda žurnalistler bilen duşuşykda habar berdi...

şu gün 09:09
1.7k+

Maglumat merkezlerinde emeli aň 2035-nji ýyla çenli iň uly energiýa sarp edijileriniň biri bolar

2035-nji ýyla çenli dünýädäki maglumat merkezleri tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi tas üç esse ýokarlanyp, häzirki 40 gigawattdan 106 gigawatta (GWt) ýeter. Şeýle ösüş maglumat merkezleriniň uly bolmagy we emeli aň sebäpli olaryň iş ýüküniň artmagy bilen baglanyşyklydyr...