Rospotrebnadzor daşary ýurtly talyplara Russiýa okuwa dolanmagyň ýoluny düşündirdi

  • 18.02.2021 20:07
  • 19k+

COVID-19-yň ýoklugy barada iki kepilnamasy bolan we Russiýa bilen awiagatnawlary açyk bolan ýurtlardan gelen daşary ýurtly talyplar RF-e dolanyp, göni okuwlaryny dowam etdirip bilerler. Bu barada Rospotrebnadzoryň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.

Ýurda girmezden üç senenama güni öň olar PZR-barlagyny tabşyrmaly we otrisatel netije almaly. Gelenlerinden soň, 72 sagadyň dowamynda Russiýada hem täze barlagdan geçmeli we onuň netijesini alýançalar, üzňelikde saklanmaly.
Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde gaýybana bolmadyk okuwlar 8-nji fewralda gaýtadan dikeldildi, 2020-nji ýylyň 13-nji noýabryndan 6-njy fewral aralygynda talyplar uzak aralykdan okadylar. 
Ýaz sessiýasynda ýokary okuw mekdepler distansion okuwa geçirildi. Tomsuň ahyrynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň dynç alyşdan soň dowam etdiriljekdigi, ýöne serhetleriň ýapyklygy sebäpli, daşary ýurtly talyplaryň göni okap bilmejekdigi belli boldy.
2019/20-nji okuw ýylynda Russiýada 297 993 daşary ýurtly talyp bilim aldy. Olaryň köpüsi Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň raýatlarydyr.
Dekabr aýynyň başynda okuwa diňe 100 000 töweregi daşary ýurtly talyplaryň dolanyp bilendigi habar berildi.
Häzir Russiýa Türkiýe, Tanzaniýa, Şweýsariýa, BAE, Maldiwler, Müsür, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Günorta Koreýa, Serbiýa, Kuba, Ýaponiýa, Seýşel adalary, Efiopiýa, Wýetnam, Hindistan, Katar, Finlýandiýa, Gresiýa we Singapur ýaly 21 döwlet bilen awiagatnawy dikeltdi. 

düýn 20:41
1.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.7k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......