Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolmak mümkinçiligi barada aýtdy

  • 15.02.2021 17:30
  • 7.5k+

Fransiýanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Noel Le Gre “L’Equipe” gazeti bilen söhbetdeşlikde Zinedin Zidany Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine esasy dalaşgär hökmünde göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu barada glas.ru habar berýär.

“Zidan bilen gatnaşyklarymyz gowy. Eger-de Deşam milli ýygyndydaky wezipesinden gitse, men hem Fransiýada futboly dolandyrmagymy dowam etdirsem, Zidan milli ýygyndy toparyna ilkinji çagyrjak adamym bolar” – diýip, Noel Le Gre aýtdy.

“Real” futbol klubunyň baş tälimçisi Zinedin Zidan Fransiýanyň futbol federasiýasynyň prezidentiniň sözlerine teswir berip, häzirki wagtda esasy ünsüni Madrid klubundaky işine gönükdirýändigini aýtdy.

“Göreliň, häzirki wagtda meniň bar ünsüm “Realdaky” işimde jemlenýär. Men “Realyň” tälimçisi, klub bilen geçen her bir günüm maňa ýaraýar. Ýöne geljekde näme boljagyny hiç haçan bilmeýärsiň. Men hemişe ýygyndy toparyň esasy görkezijidigini aýdardym, ýöne häzir men bu ýerde” – diýip, Zidan aýtdy.

2019-njy ýyldan bäri Zidan Madridiň “Realynda” zähmet çekýär. Ol 2016-2018-nji ýyllarda hem bu kluby türgenleşdiripdi. Zidan klub bilen iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we üç gezek Çempionlar ligasyny utdy.
Deşam Fransiýanyň milli ýygyndysyna 2012-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda ýygyndy 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdy.

şu gün 13:33
1.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy

ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady...

düýn 19:16
7.6k+

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi...

düýn 11:22
1.4k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)...

düýn 11:10
6.9k+

«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy...