Ýeriň tekizdigi baradaky nazaryýetiň tarapdaryny kosmosa uçurmak isleýärler

  • 14.02.2021 23:18
  • 15k+

Internet ulgamynda adamy kosmosa uçurmak üçin pul toplanyp başlandy diýlip habar berildi. Gyzykly ýeri, pul toplanyşygyň başyny başlaýjy Mark Gold munuň özi üçin däl-de, Ýeriň tekizdigi baradaky nazaryýetiň tarapdary üçin ýygnalýandygy aýdýar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Şotlandiýanyň ýaşaýjysy Mark Gold pul toplanyşygyna GoFundMe köpçülikleýin pul ýygnamak platformasynda başlady. Aýdylmagyna görä, onuň Ýeriň tekizdigi baradaky nazaryýetiň iň meşhur tarapdarlaryndan birine ylma garşy çykýan sözleri üçin gaty gahary gelipdir we şonuň üçin hem bu işiň başyna barypdyr.
Gold Ýeriň tekizdigi baradaky nazaryýetiň tarapdary kosmosa uçsa, özüniň ýalňyşandygyna düşüner we bu barada ylma garşy çykýan jemgyýetiň beýleki agzalaryna hem gürrüň berer diýip pikir edýär. Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin oňa 250,000 funt ýa-da, takmynan, 345,000 dollar gerek diýip, çeşme belleýär.

düýn 20:17
3.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......