ABŞ-nyň Kongresiniň Senaty Donald Trampyň impiçmentini aklady

  • 14.02.2021 11:19
  • 12k+

ABŞ-nyň Kongresiniň Senaty şenbe güni geçiren mejlisiniň barşynda impiçment hadysasynyň çäginde öňki Prezidenti Donald Trampy aklady. ABŞ-nyň kanunçykaryjy edarasynyň ýokary palatasyndan wakalary amerikan teleýaýlymlary alyp görkezdi, diýip TASS habar berýär.

Günäkärleýji karar kabul etmek üçin 100 senatordan 67-si impiçment boýunça ses bermelidi. Emma senatorlaryň diňe 57-si impiçment boýunça ses berip, 43-si oňa garşy çykdy. Şeýlelikde, demokratlaryň Trampa impiçment yglan etmek boýunça ikinji synanyşygy şowsuz boldy.
Trampyň impiçment hadysasy onuň 6-njy ýanwarda eden çagyryşlary bilen bagly başlandy. Şol gün Trampyň tarapdarlary ABŞ-nyň paýtagtynda ony goldamak üçin müňlerçe adam bolup ýygnanyşyp, Kongrese kürsäp girdiler hem-de Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Jo Baýdeniň ýeňşini tassyklamak boýunça çärä garşylyk görkezmäge synanyşdylar.

 

düýn 15:51
7.2k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....