Türkiýe 2023-nji ýylda öz kosmos gämisini Aýa ugradar

  • 12.02.2021 18:46
  • 7.9k+

Türkiýede öndürilen ilkinji kosmos gämisi 2023-nji ýylda Aýa uçurylar. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi diýip, evo-rus.com ýazýar.

Türkiýäniň Prezidentiniň aýtmagyna görä, ýurduň ýakyn ýyllar üçin öňde goýýan maksady Ýeriň emeli hemrasyna eýe bolmagyň iki basgançagyny amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.
Birinji tapgyrda türk kosmos gämisi Aýa gonuşy amala aşyrar. Ärdoganyň pikiriçe, bu 2023-nji ýylyň ahyrynda bolar we respublikanyň 100 ýyllygyna gabat geler.

“Ikinji tapgyr - emaý bilen gonmak. Inženerlerimiziň Aýa gonmagyň hötdesinden gelip biljekdigine ynanýaryn "-diýip, Ärdogan belledi.

Türkiýäniň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, soňky 18 ýylda kosmos gözlegleri üçin Ankara 2,1 milliarddan gowrak lira bölüp berdi.

düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
5.1k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......