Ilon Mask NASA Aý stansiýasynyň gurluşygynda kömek eder

  • 12.02.2021 09:53
  • 6.3k+

NASA "Gateway" Aý stansiýasynyň gurluşygy boýunça  iki kosmos modulyny işe girizmek üçin potratçy hökmünde Ilon Maskyň “SpaceX”-ni saýlady. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Agentligiň resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 331,8 million dollara barabar boldy. Iki modulyň işe girizilmegi 2024-nji ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär. Muňa garamazdan, uçuşyň has-da gijikdirilmegi mümkin. Häzirki wagtda daşaýjy raketa hökmünde ýük göterijiligi 64 tonna bolan “Falcon Heavy” saýlandy.
Ýatlap geçsek, "Gateway" diýlip atlandyrylýan Aý stansiýasy Artemis programmasynyň bir bölegine öwrülipdi. Bu barada NASA 2019-njy ýylda mälim edipdi. Programmanyň esasy maksady Aýyň üstüni öwrenmekden, şeýle hem alnan bilimleri geljekde Marsa uçuşlar üçin ulanmakdan ybarat bolup durýar.

şu gün 16:09
366

GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi....

şu gün 15:48
284

NASA “Nensi Greýs Roman” teleskopyny ýygnamagyny tamamlady

“Nensi Greýs Roman” kosmos teleskopy doly ýygnaldy, synagdan geçirildi we uçurmaga taýýar. Bu barada NASA-nyň administratory Jared Aýzekman Goddard adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde geçirilen metbugat......

şu gün 12:18
2.5k+

ABŞ-ly genetikler derman öndürmek üçin towuk ýumurtgalaryny «programmirlemegi» öwrendiler

Missuri uniwersitetiniň alymlary towuk ýumurtgalarynyň lukmançylyk zerurlyklary üçin dermanlyk beloklaryny durnukly öndürmegine mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler....

29.04.2026 20:39
8.2k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......