Welaýatlaryň ýolbaşçylary wezipä bellenildi we boşadyldy

Welaýatlaryň ýolbaşçylary wezipä bellenildi we boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde welaýatlardaky guramaçylyk meselelerine garady. 
Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky birnäçe resminamalara gol çekdi. Hususan-da, 

Annaýew Gurbanmuhammet, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi  wezipesinden boşadyldy.
Dörtguly Hojaýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 
Gurbanow Arman, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Perhat Orazow Ahal welaýatynyň Kaka  etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Babaýew Döwletgeldi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. 
Parahat Işangulyýew Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 
Maşaripow Jumanazar, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. 
Atajan Rozyýew Lebap welaýatynyň Çärjew   etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.  
Gylyjow Batyr, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. 
Erkin Açylow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 
Gurbanmuhammedow Meýlis, işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. 
Bally Ballyýew Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.