Britan alymlary gündelik zerur bolan ädim sanyny anykladylar

  • 11.02.2021 16:34
  • 13k+

Alymlar bir günde iň amatly ädim sanyny kesgitlediler.

Inforeactor.ru portalynyň habar bermegine görä, günde 10 müň ädim saglygy berkitmäge kömek etmek üçin zerur mukdar hasaplanýar. Ýöne bu norma 1965-nji ýylda Ýaponiýada satylan Yamasa Clock kompaniýasynyň ädim hasaplaýjysynyň kömegi bilen ýüze çykdy. Gajet terjime edilende “metrde on müň ädim” diýmegi aňladýan “Manpo-keý” adyny göterýär. 
Geçirilen barlaglaryň birnäçesi günde 10 müň ädimiň ýüregi berkitmäge, süýji keseliniň howpuny peseltmäge we psihiki saglygy gowulandyrmaga kömek edýändigini görkezdi.
Ýöne Harward lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleri aýallarda ölüm howpuny azaltmak üçin günde 4 müň ädim ýeterlik diýip hasaplaýarlar. Alymlaryň hasabyna görä, peýda getirip biljek iň ýokary ädim sany 7500. Synaga gatnaşyjylara gözegçilik etmegiň esasynda bir günde 7500 ädimden köp ýöränleriň ondan birneme az ädim geçýänlerden goşmaça artykmaçlygynyň ýokdugy anyklanyldy. Alymlar ýöremek bedeniň sagdynlygyny saklamak üçin möhüm diýip hasaplaýarlar, sebäbi hereketsiz durmuş ýörelgesi ölüm howpuny 59% ýokarlandyrýar.
Her günki fiziki agramy ýokarlandyrmak üçin alymlar adatdakysyndan iki müň ädim köp ýöremegi maslahat berýärler.

05.11.2025 13:47
5k+

IT NOKADY - IT öwrenmek isleýänler üçin okuwlara ýazylyşyk başlatdy

IT Education Academy okuw merkezi ähli okuw maksatnamalary üçin ýazylyşyk başlatdy. IT NOKADY iň zerur IT başarnyklaryny öwrenmäge we arzuwyňdaky işe tarap ädim ätmäge mümkinçilik berýär. IT Nokady (IT Education Academy) — Iş Nokady kompaniýasy tarapyndan döredilen okuw taslamasy bolup, sanly başarnyklary ösdürmek we IT ulgamynda hünär taýýarlygyny bermek maksady bilen işlenip düzüldi...

02.11.2025 13:12
6.5k+

«Şowly baha» hususy kärhanasy gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Ol näme üçin gerek?

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar...

30.10.2025 19:26
38k+

“Yhlas Kagyz” HK CIET-2025 sergisinde ANYK TEKLIPLERI hödürlär

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3-4-nji noýabrda geçiriljek CIET-2025 - «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisinde we maslahatynda LiuGong hem-de Zoomlion gurluşyk tehnikalary bilen tanyşmaga çagyrýar...

30.10.2025 14:54
6.9k+

Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady

Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş...