"Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda "Tigres" bilen duşuşar

"Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda "Tigres" bilen duşuşar

Mýunhenli "Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym final oýnunda Müsüriň "Al-Ahli" toparyny ýeňmegi başardy hem-de ýaryşyň final tapgyryna ýollanma aldy.

Germaniýaly klub ýarym finaldaky ýeňşini polşaly hüjümçi Robert Lewandowskiniň dubl goly bilen gazandy. Gollar duşuşygyň 17-nji we 85-nji minutlarynda geçirildi. Ahyrky netije boýunça oýun 2:0 hasabynda “Bawariýanyň” peýdasyna tamamlandy.
Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda mýunhenli "Bawariýa" meksikaly "UNL Tigr" topary bilen güýç synanyşar. Final duşuşygy 11-nji fewralda geçiriler.