Alymlar erkekler we aýallar üçin iň howply ýaşy kesgitlediler

  • 09.02.2021 14:20
  • 29k+

Ylmy barlagyň çäginde Finlýandiýanyň we ABŞ-nyň alymlary erkekler hem-de aýallar üçin iň howply ýaşy kesgitlediler. Gürrüň adam ömrüniň ýürek-damar keselleri sebäpli ölüm howpunyň has uly döwri barada barýar diýip, actualnews.org habar berýär.

Ylmy barlag Helsinki uniwersitetinde işleýän Merkezi hassahananyň hünärmenleriniň goldawy bilen Tehas saglyk merkeziniň işgärleri tarapyndan geçirildi. Awtorlar gözlegleriň dowamynda birnäçe müň adamyň kesel taryhyny öwrendiler. Onda dürli ştatlaryň we jynslaryň wekilleri hasaba alyndy.
Netijede, erkekler üçin iň howply ýaş - 40 ýaşdan soňky döwür diýlen karara gelindi. Bu döwürde öz saglygyň hakynda has köp alada edip, bedeniň "duýduryşlaryny" görmezlige salmaly däl.
Aýallar üçin iň howply ýaş - 30 ýaşdan soňky döwür diýlip hasap edildi. Bu ýaşdan geçenden soň, insult ýa-da ýürek agyry keselleriniň gozgamak ähtimallygy ýokarlanýar. Bu ýaşda stress, zyýanly endikler we nädogry iýmitlenmek köp sanly kynçylyklara sebäp bolup biler diýip, ylmy barlagçylar çaklaýarlar.

20.04.2026 16:07
9.1k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.1k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
3k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....