"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi

  • 05.02.2021 22:58
  • 4.3k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary “Altyn globus” film baýraklaryna dalaşgärleriň sanawyny tanyşdyrdy. Iň gowy drama filmleriň sanawyna Florian Zelleriň “Kaka” (The Father) we Hloýa Çžaonyň “Çarwalaryň ýurdy” (Nomadland) filmleri dalaşgär görkezildi. Bu barada vesti.ru habar berdi.

Şeýle-de bu ugur boýunça dalaşgärleriň hatarynda Dewid Finçeriň “Mank” (Mank), Emirald Fenneliň "Umyt berýän gyzjagaz” (Promising Young Woman) we Aaron Sorkiniň “Çikagoly ýedileriň derňewi” (The Trial of the Chicago 7) filmleri bar.
Finçer we Çžao iň oňat režissýor diýen ugur boýunça bäsleşer. Bu ugra dalaşgärleriň arasynda Fennel we Sorkin, şeýle hem “Maýamide bir gije” (One Night in Miami) filmini düşüren Rejina King bar.
Iň oňat komediýa ýa-da mýuzikl hökmünde Jeýson Uollineriň režissýorlyk eden “Borat 2” we Tomas Kaýlyň “Hemilton” filmleri saýlanylyp bilner. Bu ugur boýunça Maks Barbakowyň "Palm Springs", Raýan Merfiniň "Gutardyş" (The Prom) we awstraliýaly aýdymçy Sia tarapyndan ýazylan “Mýuzik” (Music) filmleri hem dalaşgärlik eder.
“Iň oňat teleserial - komediýa ýa-da mýuzikl” ugry boýunça dalaşgärleriň arasynda rus imperatory Ýekaterina II-niň durmuşyndan söz açýan “Beýik” (Emily in Paris, 2020) serialy bar. Şeýle hem “Emili Parižde” (Emily in Paris, 2020), “Bortdaky ýolbelet” (The Flight Attendant, 2020), “Şitts Krik” (2015-2020) (Schitt's Creek, 2015-2020) we “Ted Lasso” (Ted Lasso, 2020) filmleri bu ugurda dalaşgärlik eder.
Mini-seriallaryň we telefilmleriň arasynda “Perziniň göçümi” (The Queen’s Gambit), "Adaty adamlar" (Normal People), "Kiçi palta" (Small Axe), "Unorthodoks" (Unorthodox) we “Pleý bäk” (The Undoing) filmleri özara bäsleşerler.
2020-nji ýyldaky 78-nji "Altyn globus" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 28-nji fewralda, koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn ýagdaýda geçiriler. Baýraklara dalaşgärleriň sanawyny baýragyň resmi web sahypasynda görmek mümkin.

düýn 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....