BSGG-niň hünärmenleri Uhan şäherindäki bazara baryp gördüler

  • 01.02.2021 01:01
  • 13k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenýän hünärmenler topary Hytaýyň Uhan şäherindäki iýmit bazaryna baryp gördi diýip, AP habarlar agentligi habar berýär.

Wirusologiýa, iýmit önümleriniň howpsuzlygy we epidemiologiýa ugry boýunça hünärmenler şäheriň iň uly bazarlarynyň biri bolan, täze et, balyk we deňiz önümlerini satýan Baishazhou bazaryna bardylar.
Ondan öň, hünärmenler Uhan şäherindäki koronawirus ýokanjynyň ýüze çykan iki hassahanasyna baryp gördüler.
BSGG-niň hünärmenleri Uhana ýanwar aýynyň ortalarynda geldiler. Işe girişmezden ozal, olar 14 günlük karantinde boldular. Ol 28-nji ýanwarda tamamlandy.
BSGG Twitterinde iş saparynyň dowamynda guramanyň wekilleriniň Uhanyň wirusologiýa institutyna, “Huanan” deňiz önümleriniň lomaý bazaryna, Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça şäher merkeziniň barlaghanasyna barmagy we birinji kesellän adamlar bilen gürleşmegi meýilleşdirýändigini habar berdi.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....