«Gazprom» Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

  • 28.01.2021 23:38
  • 9.1k+

«Gazprom» kompaniýasy 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS agentligi 2035-nji ýyla çenli Russiýada gaz pudagyny ösdürmek boýunça umumy meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp habar berýär.

«Gaz strategiýasyna laýyklykda, Russiýa 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan gaz satyn almagynyň möçberini ýyllyk 5,5 milliard kubmetre, Özbegistandan 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 8 milliard kub metre çenli artdyryp biler» – diýlip, beýanatda bellenilip geçilýär.

Belläp geçsek, 2019-njy ýylda Türkmenistandan Russiýa 4 milliard kubmetr gaz akdyryldy. Şol döwürde Özbegistandan 7,7 milliard kubmetr, Gazagystandan bolsa 14,2 milliard kubmetr tebigy gaz iberildi.
Gaz importynyň umumy meýilnamasyndan görnüşi ýaly, 2020-nji ýylda Merkezi Aziýadan 26 milliard kubmetr tebigy gaz import edildi.
TASS-yň habar bermegine görä, 2025-nji ýylda eksport edilen rus gazynyň bahasynyň 1000 kub metr üçin 146 dollardan 211 dollar aralygynda boljakdygy mälim edilýär.
2020-nji ýylda “Gazprom” daşary ýurtlara 179,3 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksport etdi. Pandemiýa sebäpli 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende eksportyň möçberi 10 % peseldi.

12.12.2025 16:33
4.8k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...

29.11.2025 09:51
4k+

Türkmenistanda “Uzynada” känindäki täze guýudan gazkondensat akymy alyndy

Türkmenistanda “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow habar berdi.  Bellenilişi ýaly, ol guýy umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy...

15.11.2025 09:34
7.2k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.4k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...