FIFA 2026-njy ýylda geçjek Dünýä çempionatynyň şäherlerini ýylyň soňky çärýeginde kesgitlär

  • 28.01.2021 08:12
  • 8.3k+

Halkara Futbol Federasiýalarynyň Geňeşi (FIFA) 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek şäherlerini 2021-nji ýylyň soňky çärýeginde tassyklar. Bu barada FIFA-nyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek 48 topar gatnaşjak 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň final oýunlary ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Häzirki wagtda Dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge 23 şäher (Meksikadan - 3, Kanadadan - 3 we ABŞ-dan - 17 şäher) dalaşgärlik edýär.

"Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy göz öňünde tutup, FIFA 2021-nji ýylyň iýul aýynyň başynda dalaşgär şäherlerdäki ýaryş ýerlerine baryp görmekçi. Bu saparlar diňe kabul edýän ýurtlaryň saglyk we howpsuzlyk ýagdaýy muňa rugsat beren halatynda amala aşyrylar" diýlip, FIFA-nyň resmi web sahypasyndaky beýanatda aýdylýar.

şu gün 19:36
1.1k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

şu gün 09:28
2.5k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

düýn 23:00
9.7k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

11.05.2026 22:47
7.7k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......