“Samsung” özüniň täze arzan smartfony - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy

  • 28.01.2021 07:46
  • 21k+

“Samsung Electronics” kompaniýasy özüniň kuwwatly batareýaly täze arzan smartfonyny  - “Galaxy A02”-ni tanyşdyrdy. Bu barada www.ixbt.com habar berdi.

“Galaxy A02” modeli täze ýyldan öň arzan bahadan satylyp başlanan “Galaxy A02S” smartfonyndan hem has ýönekeý hasaplanylýar.
Smartfon HD+ durulykly (1560 x 720 piksel), 6,5 dýuýmlyk TFT ekrany, 5 megapikselli öň kamerasy, 13 we 2 megapikselli goşa esasy kamera datçikleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Batareýanyň kuwwaty 5000 mA/sagat bolup, ol 7,75 Wt kuwwatda zarýad alyp bilýär.
Dört ýadroly we 1,5 Hz takt ýygylykly SoC MediaTek MT6739W, 2 ýa-da 3 GB RAM we 32 ýa-da 64 GB içerki fleş ýady bu smartfonyň apparat bazasy bolup hyzmat edýär. Onuň ölçegleri 164 x 75,9 x 9,1 mm, agramy 196 gr.
“Galaxy A02”-ä barmak yzy skaneri, NFC we beýleki “ýeňillikler” ýetmezçilik edýär, ýöne onda 4G VoLTE, Wi-Fi (802.11 b/g/n), Bluetooth 5, GPS we GLONASS, iki SIM kartlary we ýat kartalary üçin aýratyn ýer bar. Smartfonda “Samsung One UI” gaby bilen “Android 10” gurnalan.

şu gün 00:17
600

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......