“Çelsi” Lempardy baş tälimçi wezipesinden boşatdy

  • 25.01.2021 23:00
  • 8.4k+

Duşenbe güni, 25-nji ýanwarda Londonyň “Çelsi” kluby iňlis hünärmeni Frenk Lempard bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär.

“Bu diňe bir ýolbaşçylyk üçin däl, eýsem, meniň üçin hem kyn çözgüt boldy, sebäbi biz örän gowy gatnaşýarys. Meniň Lemparda hormatym uly.
Frenk özüni hemişe işe bagyş eden gowy hünärmen, ýöne häzirki ýagdaýda biz baş tälimçini çalyşmak gowy bolar diýip hasapladyk. Tutuş klubuň adyndan oňa minnetdarlyk bildirýärin we şowlulyk arzuw edýärin. Lempard bolup geçen zatlara garamazdan, “Çelsiniň” rowaýaty oýunçysy bolmagynda galýar. Ony “Stemford Brijde” görmäge hemişe şatdyrys” – diýip, “Çelsiniň” eýesi Roman Abramowiç aýtdy.

Ýatlap geçsek, 42 ýaşly tälimçi “göklere” 2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda ýolbaşçy boldy. Premýer-liganyň häzirki möwsüminde topar 29 utuk bilen sekizinji orny eýeleýär.
Mundan ozal klubuň “PSŽ” bilen Dortmundyň “Borussiýasyny” türgenleşdiren nemes hünärmeni Tomas Tuheli çagyrmak barada ylalaşandygy habar berildi.

düýn 19:30
1.8k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
3.9k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 15:38
1.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

düýn 10:38
2.5k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....