Nurmagomedow Porýe bilen söweş üçin karýerasyny dikeltmekden ýüz öwürdi

  • 24.01.2021 23:23
  • 35k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow amerikaly Dastin Porýe bilen söweşmek üçin karýerasyny dikeltmekden ýüz öwürdi diýip, UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt aýtdy. Bu barada tj.sputniknews.ru habar berýär.

Uaýt Porýe UFC 257 turnirinde Makgregory ýeňenden soň, Habib bilen habarlaşandygyny gürrüň berdi. Nurmagomedowyň aýtmagyna görä, ne Porýe, ne-de Makgregor oňa garşydaş bolup biler.

“Men Habib bilen gürleşdim, ol maňa şeýle diýdi: “Dana, gel açyk gürleşeli, men bu ýigitleriň ikisinden hem birnäçe dereje ýokarda”. Bilmedim-dä, bu jogap ýaramly eşidilmedi, şonuň üçin göreris-dä. Öň aýdyşym ýaly, ol diwiziony saklamak islemeýär” – diýip, UFC-niň ýolbaşçysy metbugat maslahatynda aýtdy.

Şeýlelik bilen, Nurmagomedow karýerasynyň dowamynda MMA-da 29 söweş geçirip, ýeke gezek ýeňilmedik ýagdaýda sportdan gitdi.
Ýatlap geçsek, guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt karýerasyny dikeltmek teklibi bilen Nurmagomedowa eýýäm birnäçe gezek ýüz tutupdy. Bu geň däl, sebäbi ýeňilmedik «Bürgüt» çempion guşagyny kimdir birine geçirmeli ahyryn?!

düýn 20:28
5.6k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.4k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

düýn 01:00
2.7k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

19.06.2026 19:42
1.2k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....