Öz derwezesinden depip gol geçiren derwezeban Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 22.01.2021 15:08
  • 22k+

"Nýuport Kaunti"-niň öz derwezesinden depip garşydaşynyň derwezesine gol geçiren derwezebany Tom King Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada championat.com habar berdi.

“Sky Sports”-yň habar bermegine görä, Ginnesiň rekordlar kitaby 19-njy ýanwarda Angliýanyň ikinji ligasynyň 23-nji tapgyryndaky oýunda "Nýuport"-yň derwezebanynyň "Çeltenhem"-iň derwezesine geçiren golunyň şu wagta çenli resmi oýunlarda iň uzakdan geçirilen gol bolandygyny tassyklady.
25 ýaşly Kingiň "Jonni-Roks" stadionyndaky depen pökgüsi şemalyň güýji bilen kärdeşi Joş Griffitsiň üstünden aşyp geçdi. Netijede, rekord derejedäki gol geçirilen uzaklyk 96,01 metr diýlip hasaba alyndy.
Mundan öňki rekord derwezeban Asmir Begowiçe degişli bolup, onuň gol geçiren uzaklygy 91,9 metrdir. Şonda bosniýaly derwezeban “Stok Siti”-niň düzüminde 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Premýer-liganyň "Sautgempton"-a garşy oýnunda tapawutlanypdy.

şu gün 08:32
2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.2k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.7k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

düýn 21:49
1.7k+

Amerikaly suwda ýüzüji Wolş 9 gün öň goýlan dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Gretçen Wolş Rimde geçirilen ýaryşlarda 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....