Aşgabat we Baku «Dostluk» ýatagy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

Aşgabat we Baku «Dostluk» ýatagy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler

21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. 

Ähtnama Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow gol çekdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.
Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip, türkmen Lideri nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew bilen Hazar deňzinde energetika babatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň ugurlary seljerildi.
Netijede, Hazaryň iri uglewodorod serişdeleri känleriniň birinde bilelikdäki işi ýerine ýetirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunda, raýdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň we goldaw bermegiň bu işiň esasy ugurlarydygy nygtaldy.
Hut şonuň üçin hem bu käne “Dostluk” diýip at bermek hakyndaky umumy çözgüdimiz çuňňur mana eýedir diýip, döwlet Baştutany belledi.