Kriştianu Ronaldu Turinde Madridiň "Realynyň" prezidenti bilen duşuşdy

Kriştianu Ronaldu Turinde Madridiň "Realynyň" prezidenti bilen duşuşdy

Turiniň "Ýuwentus"-ynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Madridiň "Realynyň" prezidenti Florentino Perez bilen duşuşdy. Bu barada "El Chiringuito" salgylanyp, euro-football.ru habar berdi.

Duşuşyk Turin şäherinde geçirildi. Duşuşykda taraplaryň anyk näme hakda gürleşendikleri heniz mälim edilmedi. Ýöne habar beriş serişdeleri munuň hüjümçiniň karýerasynyň geljegi bilen bagly boljakdygyny çaklaýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Ronaldu 2018-nji ýylyň tomsunda "şa" klubundan gaýdyp, "garry sinýorlaryň" hataryna goşulypdy. Şonda portugaliýaly hüjümçini öz düzümine goşmak üçin turinliler 117 million ýewro töläpdiler. Taraplaryň arasyndaky şertnamanyň möhleti 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli hasaplanýar.
A Seriýa ýaryşynyň häzirki möwsüminde 35 ýaşly hüjümçi 14 oýun oýnap, 15 pökgi geçirdi we 2 asist pasyny berdi.