Dünýäde fiziki klawiaturaly ilkinji 5G-smartfony çykaryldy

  • 21.01.2021 21:33
  • 10k+

Planet Computers Astro Slide 5G-ni resmi taýdan hödürledi. Bu dünýäde fiziki QWERTY klawiaturaly ilkinji 5G-smartfondyr. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Astro Slide 5G bäşinji nesil toruny göterýän MediaTek Dimensity 800 prosessory bilen üpjün edilen. Täze smartfon slaýderdir. Smartfon ýygnalan ýagdaýynda klawiatura ekranyň aşagynda durýar, ýöne ony bir gyra çekip bolýar. Açylan ýagdaýynda gurluşyň displeýi bir burçda ýerleşýär, şonuň üçin adama smartfony albom görnüşinde ulanmak amatly bolýar.
Astro Slide 5G-niň AMOLED-ekranynyň diagonaly 6,39 dýuýma deň, onuň durulygy – FHD+. Smartfon 8 GB operatiw we 128 GB içki fleş-ýada eýe. MicroSD karty üçin ýeri hem bar. Gurluş 10 Watt kuwwatly çalt simli zarýadlanmany göterýär.
Smartfon şu ýylyň mart aýynda satuwa çykmalydy, ýöne indi smartfony işläp düzüjileri goldan ulanyjylaryň gurluşy iýun aýynda alyp biljekdigi, erkin satuwyň şu ýylyň sentýabr aýynda başlajakdygy belli boldy.

şu gün 00:17
521

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......