"Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda "Al-Duhail" ýa-da "Al-Ahli" bilen oýnar

  • 21.01.2021 16:14
  • 4.3k+

Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde klublaýyn dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi. Çempionlar ligasynyň soňky möwsüminiň ýeňijisi hökmünde "Bawariýa" ýaryşa ýarym finaldan başlar we ilkinji oýny "Al-Duhail" - "Al-Ahli" jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar. Bu barada metaratings.ru habar berdi.

"Bawariýadan" başga-da, Libertadores kubogynyň ýeňijisi hem ýaryşa ýarym finaldan başlar. Libertadoresiň finalynda "Palmeiras" bilen "Santos" duşuşar. Kubogyň eýesi klublaýyn dünýä çempionatynda "Tigres" - "Ulsan" jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Ýaryşyň 1/4 final oýunlary:
1-nji oýun: "Al-Duhail" (Katar) - "Al-Ahli" (Müsür) (4-nji fewral)
2-nji oýun: "Tigres" (Meksika) - "Ulsan" (Koreýa) (4-nji fewral)
Ýarym finalda duşuşjak toparlar:
"Bawariýa" (Germaniýa) bilen 1-nji oýnuň ýeňijisi (8-nji fewral)
“Palmeiras” (Braziliýa) / “Santos” (Braziliýa) bilen 2-nji oýnuň ýeňijisi (2-nji fewral)
Klublaýyn dünýä çempionaty 4-11-nji fewral aralygynda Katarda geçiriler. Bäsleşige alty kontinental konfederasiýanyň hersinden iň güýçli klublar we ýaryşy kabul edýän ýurduň iň gowy kluby gatnaşýar. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi - "Liwerpul".

şu gün 10:36
1.2k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

şu gün 10:24
430

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

şu gün 09:54
735

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 17:46
10k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......