Welaýatlaryň we Aşgabadyň häkimlikleriniň gurluşy we wezipe sanawy gaýtadan tassyklanylar

  • 16.01.2021 13:04
  • 18k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny gaýtadan tassyklamak barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşynda hereket edýän işgär birliginiň we zähmet haky gorunyň çäginde 3 wezipe birliginden ybarat “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” atly bölümini döretmek boýunça işler geçirilýär.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň birnäçesiniň adyny üýtgetmek hem-de baş hukukçynyň wezipesini girizmek baradaky teklibi hödürledi.
Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri, umuman makullap, alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......