Türkmenistanda 2021-nji ýyl üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy

Türkmenistanda 2021-nji ýyl üçin nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy

Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bu resminama “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.