ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili iş sapary bilen Türkmenistana geler

ABŞ-nyň Owganystandaky ýörite wekili iş sapary bilen Türkmenistana geler

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili ilçi Zalmaý Halilzad Owganystana, Pakistana, Katara we Türkmenistana sapar bilen ugrady. Bu barada ORIENT habar berýär.

Diplomatyň sapary baradaky maglumatlar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda neşir edildi. Sişenbe güni irden Kabula gelen Halilzad eýýäm Owganystanyň tanymal harby we syýasy işgärlerinden biri bolan Abdul Rasul Saýýaf bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Halilzadyň Kabuldaky owgan liderleri bilen duşuşjakdygyny we ABŞ-nyň owgan halkyna we howpsuzlyk güýçlerine goldaw berjekdigini habar berýär.
Ilçi Halilzadyň bu saparynyň dowamynda Owganystandaky parahatçylyk şertnamasy tarapyndan goldanyljak we parahatçylygy saklamaga kömek etjek sebit gatnaşyklaryny, söwdany we ösüşi giňeltmek boýunça taslamalara we meýilnamalara goldaw bermegini dowam etdirjekdigi bellenilýär.

"Ol Doha şäherinde iki owgan topary bilen duşuşar, olara goldaw berer we parahatçylyk prosesini çaltlaşdyrmak - haýal etmän zorlugyň azalmagy we ot açyşlygyň bes edilmegi, şeýle hem syýasy ýol kartasy we häkimiýeti paýlaşmak baradaky şertnama gysga wagtda gol çekilmegi boýunça ABŞ-nyň goldawyny teklip eder" -diýlip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň habarynda aýdylýar.