Трамп запретил использование в США 8 китайских приложений, включая транзакции Alipay

  • 07.01.2021 20:02
  • 15k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sekiz sany hytaý programmasynyň tranzaksiýasyny gadagan edýän karara gol çekdi. Prezidentiň administrasiýasy bu programmalar hytaý häkimiýetleri tarapyndan "federal işgärleriň ýerleşýän ýerini yzarlamak we raýatlar barada şahsy maglumatlary toplamak" üçin ulanylyp bilinjek ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna aralaşyp biler diýip hasaplaýar. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Bu ýagdaýyň Hytaý bilen söwda edýän amerikan halkara kompaniýalarynyň arasynda nägilelige sebäp bolup biljekdigi bellenildi, sebäbi programmalar çalt ösýän bazarda ýer almak üçin juda möhüm bolup durýar.
Sekiz sany hytaý programmasyny gadagan etmek hakyndaky buýrukda milliarder Jek Ma we onuň "Ant Group Co." kompaniýasynyň eýeçiligindäki töleg platformasy bolan "Alipay" bar. Mundan başga-da, bu karar Hytaýyň internet ägirdi Tencent Holdings Ltd - WeChatPay, QQWallet, Tencent QQ, Camscanner, SHAREit, şeýle hem Vmate we WPS Office ýaly az tanalýan programmalara hem degişlidir.
“Alipay” we “WeChat” Hytaýda we başga-da birnäçe ýurtda giňden ulanylýar, ýöne ABŞ-da gaty bir meşhur däl. Mysal üçin, “Sensor Tower Inc.” analitik firmasynyň maglumatlaryna görä, “Alipay” geçen ýyl ABŞ-nyň “App Store” dükanynda we “Google Play”-de bary-ýogy 207,000 gezek ýüklenip alnypdyr. “WeChat Pay” hyzmatyny öz içine alýan “WeChat” programmasyny göçürip alýanlaryň sany bolsa 1,6 milliona ýetipdir.
Ýükläp almak boýunça öňdebaryjy - geçen ýyl Trampyň gadagan eden programmalarynyň biri - Şanhaýyň "INTSIG Maglumat Co." kompaniýasyna degişli skaner hyzmaty Camscanner boldy. Ol 4,4 million gezek ýüklenip alnypdyr.
Bu karar ýene 45 günden - Tramp eýýäm Ak tamy terk edenden soň güýje girer. Prezidentlige saýlanan Jo Baýdeniň geçiş toparynyň işgäri şu wagta çenli täze karar barada maglumat bermekden saklandy.

вчера 20:17
3.7k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.4k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......