Oppo flagmany AnTuTu rekordyny täzeledi

  • 06.01.2021 23:51
  • 10k+

Oppo öndürijisi ýakyn wagtda täze Find X3 smartfon hataryny hödürlemeli. Bu hatardan bir model AnTuTu bençmarkynda eýýäm synagdan geçip, netijeleri bilen haýran galdyrdy. Gürrüňiň haýsy model barada gidýändigi belli däl, ýöne ol Snapdragon 888 çipsetinde işleýär. Bençmarkdaky netije 771 491 bal boldy we bu häzirki günde rekorddyr diýip, the-geek.ru belleýär.

Belläp geçsek, bu netije smartfonuň dört bölegini: çipseti, grafiki tizlendirijini, ýady we interfeýsi synagdan geçirmek arkaly gazanyldy. Habar çeşmesi smartfon barada maglumatlary doly aýan etmeýär, ýöne netijelerine görä, gürrüň 12 Gb operatiw ýat we 256 Gb hemişelik ýat barada gidip biler.

752 935 bal bolan ozalky rekord şol bir platforma esaslanýan Vivo-dan iQOO 7 smartfonuna degişli. Xiaomi Mi 11 AnTuTu-da 745 942 bal gazanýar, Qualcomm kompaniýasynyň etalon smartfony 735 439 bal netije görkezýär.

OPPO Find X3 tapgyryna üç smartfon girer diýlip çaklanylýar. Olaryň ählisi Qualcomm Snapdragon 888 prosessoryna esaslanar. Gurluşyň esasy wersiýasy 120 Gs täzelenme ýygylykly we 3216 x 1440 piksel ygtyýarly 6,7 dýuým AMOLED matrisasyna eýe bolar. Smartfonuň esasy kamerasy esasy 50-Mn datçikli dört modul bilen hödürleniler. Gurluş simli 65-Wt we simsiz 30-Wt çalt zarýadlanmany göterer. Find X3 tapgyrynyň şu ýylyň başynda görkezilmegine garaşylýar.

düýn 23:55
61

Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar......

düýn 18:53
976

Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap......

29.04.2026 23:03
1k+

Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. ...

29.04.2026 18:34
2.5k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....