UFC-niň ýolbaşçysy Nurmagomedow — Makgregor rewanşyny guramak isleýär

  • 02.01.2021 15:45
  • 29k+

UFC-niň ýolbaşçysy Deýna Uaýt MMA-nyň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor bilen Russiýanyň wekili Habib Nurmagomedowyň arasyndaky jogap söweşini guramak isleýändigini aýtdy diýip, vprognoze.ru habar berýär.

“Makgregor Porýe bilen söweşde ýeňiş gazanyp bilse, men Konor bilen Habibiň arasyndaky rewanşy görmek isleýärin. Bu söweşiň ähmiýeti bar” – diýip, Uaýt belledi.

Ýatlap geçsek, Habib bilen Konoryň arasyndaky söweş 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy. Şonda rus söweşijisi demikdiriji emel bilen möhletinden öň ýeňiş gazandy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Habib ABŞ-dan söweşiji Jastin Getjiden üstün çykdy. Şondan soň ol karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Ol ýeňilmedik söweşiji hökmünde gitdi. Onuň hasabynda 29 söweşde 29 ýeňşi bar. Muňa garamazdan, Habibiň 30-njy ýeňşi gazanmak üçin karýerasyny dikeldip biljekdigi barada gürrüňler bar.
Makgregor 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 40 sekuntda Donald Serronäni ýeňdi. Ol garyşyk başa-baş göreşde 26 söweş geçirdi, olarda 22 gezek ýeňiş gazanyp, 4 gezek ýeňildi. Makgregor karýerasyny tamamlaýandygyny birnäçe gezek aýtsa-da, şondan soň ýene-de oktagona dolanýardy.
Makgregor bilen Porýeniň arasyndaky söweş 23-nji ýanwarda UFC 257 turnirine meýilleşdirilen.

şu gün 21:03
401

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

şu gün 15:42
3.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......