APL-iň ýolbaşçylygy koronawirus sebäpli möwsümi togtadyp biler

  • 31.12.2020 14:37
  • 3.8k+

Angliýanyň premýer ligasynyň futbol klublary COVID-19 sebäpli uly zyýan çekýärler. Geçen hepdäniň dowamynda ligada koronawirus bilen keselleme boýunça rekord, ýagny 18 kesel ýagdaýy hasaba alyndy. Şonuň üçin möwsüm togtadylyp bilner. Bu barada fbm.ru habar berýär.

Ligada şular ýaly görkezijiler öň görülmändi. Şu wagta çenli Covid-19 bilen kesellänleriň sany boýunça rekord noýabr aýynyň ortalarynda, 16 adamyň barlagy položitel netije berende bellige alnypdy. Şol sebäpli APL-iň ýolbaşçylarynyň möwsümde iki hepdelik arakesme edip biljekdigi habar berilýär.
Premýer liganyň ýolbaşçylary oýunçylary, işgärleri goramak we senenamanyň galan bölegini saklamak üçin ýanwar aýynda wagtlaýyn arakesme etmek barada resmi däl gepleşikleri geçirdiler. Mundan başga-da, ýanwar aýynyň başynda Angliýanyň Kubogynyň üçünji tapgyr oýunlaryny ýatyrmak ähtimallygy bar.
“Mançester Sitide” ýagdaý has ýaramaz, bu ýerde 8 adamda Covid-19 ýüze çykaryldy. Kaýl Uokeriň we Gabriel Žezusyň, toparyň iki işgäriniň we üçüsi oýunçy bolan, ýöne atlary mälim edilmeýän dört adamyň wirus üçin barlagy položitel netije berdi. 

16.04.2026 14:05
7.5k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....