"KinoPoisk HD" 2020-nji ýylyň iň meşhur filmlerini we seriallaryny yglan etdi

  • 30.12.2020 15:06
  • 8.2k+

Bu ýyl 6 milliondan gowrak ulanyjy “KinoPoisk HD”-e abuna ýazylmak arkaly filmlere tomaşa etdi. Olardan iň halanýanlary komediýalar, uzyn seriallar, anime we meşhur franşizalar diýlip hasap edildi. Bu barada ezhonline.ru habar berýär.

Netijede, birinji orna Gaý Riçiniň "Jenaplar" filmi mynasyp boldy. "KinoPoisk HD"-niň her bäşinji ulanyjysy bu filme tomaşa etdi we olaryň her ondan biri ony gaýtadan gördi. Şeýle hem, ol ulanyjylaryň arasynda ýylyň iň ýokary baha berlen filmi boldy. Ýagny, oňa 500 müňden gowrak gezek baha berlip, 8.4/10 bal gazanmagy başardy.
Ikinji ýerde - "Rik we Morty". Tomaşa edilişi babatda ol hem "Jenaplardan" peslär ýaly däl. Onuň "Rikşantly Rikberg" (3-nji möwsümiň 1-nji bölümi) we "Galaktika" ýyldyz kreýseri" (4-nji möwsümiň 5-nji bölümi) epizodlaryna has köp tomaşa edilendigi hasaba alyndy.
Üçünji orunda bolsa "KinoPoisk HD"-niň üýtgeşik taslamasy bolan “Soňky ministr” ýerleşýär.
Bulardan başga-da, “Ar alyjylar: final”, “Harri Potter we jadygöýüň daşy”, "Uly partlama teoriýasy", "Dostlar" ýaly filmler hem iň gowularyň hataryna girmegi başardylar.

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....